Hytaý 8-nji ýanwarda ýurda gelýänler üçin COVID-19 karantinini ýatyrar

27.12.2022, 22:1711,550

Hytaý ýurda gelýänler üçin karantin çäklendirmelerini ýeňilleşdirer. Bu barada duşenbe güni Hytaýyň Merkezi telewideniýesi ýerli häkimiýetlere salgylanyp habar berdi.

"Hytaýa geljek adamlar ugramazdan 48 sagat öň PZR test tabşyrmaly. Netije otrisatel bolsa, saglyk ýagdaýy hakynda gümrük  deklarasiýasyny dolduranda, ilçihanada ýa-da konsullykda saglyk koduny talap etmezden, HHR-e girip bilerler" - diýip habarda aýdylýar.

Hytaýyň hökümeti 2020-nji ýylda daşary ýurtlardan gelýänler üçin ýurda girmekde çäklendirmeleri girizdi. Guryýerden geçýän serhet nokatlaryndaky ýolagçy geçelgeleri ýapyldy we daşary ýurtlardan gelýän ýolagçylar hökmany karantinadan geçmeli boldular. Ilkibaşda üzňe saklanyş döwri üç hepde boldy, soň kem-kemden azaldy we indi bäş gündür.
Duşenbe güni agşam, Döwlet arassaçylyk we saglygy goraýyş komiteti Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň karary bilen COVID-19-yň ýörite serhet gözegçilik çäklendirmeleri  goýulýan "A" synpa degişli  keselleriň sanawyndan aýryljakdygyny habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.