Hytaýdaky dünýäniň iň uly kino we telestudiýalarynyň biri hasaplanylýan Hengdian World Studios syýahatçylar üçin täze hyzmaty ýola goýdy — olara özleriniň gatnaşmagynda gysga göwrümli filmi düşürmäge mümkinçilik berilýär. Bu hyzmatyň bahasy adam başyna 30 dollardan başlaýar.
Hyzmat awgust aýynda işe girizildi. Syýahatçy 218 ýuan ($30) töläp, aktýoryň ornunda bir sagatlyk surata düşüp bilýär, eger grim we saç timarlamasyny hem goşdursaň, bahasy 388 ýuana ($58) ýetýär. Hyzmatyň maşgalalara we dost-ýarlara niýetlenen toparlaýyn görnüşi hem bolup, onuň nyrhy 3 800 ($565) — 12 000 ýuan ($1780) aralygynda.
Täze gelenlere professional režissýorlar halypalyk edýär. Olar sahnada nähili oýnamalydygyny düşündirýär we gülkünç ýagdaý ýüze çykaýanda-da gülkiňi saklamagy ýa-da tersine, zerur pursatda duýgularyňy açyp görkezmegi öwredýär. Režissýorlaryň biriniň aýtmagyna görä, syýahatçylaryň gitdigiçe köpelmegi bilen olar günde 20-ä golaý gysga film düşürip bilýär.
Höwesjeňler sada hem drama äheňli ýordumlara has köp ýykgyn edýär. Mysal üçin, öz gahrymanlarynyň töweregindäkileriň pikir edişinden has ähmiýetli bolup çykmagy hakdaky filmler kän düşürilýär. Käbir syýahatçylar kino düşmäge şeýle bir gyzygyp gidýär welin, hatda ikilenç hem geläýýär. Bir ýaş ene alty aýyň dowamynda 17 filme düşüp, bu tejribäni psiholog bilen geçirilen maslahata meňzetdi.
Täze usul diňe bir syýahatçylary çekmek bilen çäklenmeýär. Şeýtmek bilen Hengdian World Studios kino pudagyndaky üýtgeşmelere eýermäge çalyşýar. Hytaý habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, ýylyň birinji çärýeginde 128 müň täze gysga göwrümli dramanyň 95%-i emeli aňyň kömegi bilen döredilipdir.
Režissýorlaryň biri tutuş ýylyň dowamynda diňe iki sany adaty gysga göwrümli drama surata düşürip bilendigini gürrüň berdi. Şunlukda, syýahatçylar bilen film düşürmek studiýanyň işgärleriniň goşmaça gazanç çeşmesi bolubam hyzmat edýär.