Samsung Galaxy A54 Galaxy S23-iň stilinde dizaýn alar

31.12.2022, 15:2427,147

Býujet smartfony Samsung Galaxy A54  flagman Galaxy S23 modellerine meňzeş dizaýny alar. Bu barada Android Headlines portaly habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Şeýle hem, çeşme Galaxy A54-iň görkezijilerini hödürledi, şoňa laýyklykda smartfon dört reňkde görkeziler. Yzky paneli gara, benewşe, ak we ýaşyl-sary reňklileriniň bardygy belli boldy.
Galaxy A54-iň  120 Gs täzeleniş tizligi bilen 6,4 dýuýmlyk Full HD + AMOLED ekranly görkezilmegine garaşylýar. Smartfon iň az komplektasiýada 5000 mAç-lyk akkumulýator, 6 GB RAM we 128 GB içerki ýat bilen üpjün edilýär. Mundan başga-da, myş-myşlara görä, smartfon üç kamera ulgamyny alar, esasy ulgamda 50 megapiksellik sensor bolar.
Samsung Galaxy A54-iň tanyşdyrylyşy 2023-nji ýylyň mart aýynda bolar diýlip çaklanylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.