Serdar Berdimuhamedow 5-6-njy ýanwarda Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrar

03.01.2023, 15:0614,121

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 5-6-njy ýanwarda Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrligi sişenbe güni habar berdi.

«HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça 5-6-njy ýanwarda Hytaýa döwlet sapary bilen geler» — diýlip, sişenbe güni Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda neşir edilen habarda aýdylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.