Türkmenistanda geçen forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň resminamasy hökmünde kabul edildi

10.01.2023, 20:484,877

Aşgabatda 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy «Parahatçylyk medeniýeti» gün tertibiniň 14-nji bendine laýyklykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi (A/77/651 ). Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Resminama jedelleri parahatçylykly ýollar we usullar bilen çözmek baradaky borçnamalary öz içine alýan BMG-niň Tertipnamasynyň esasy maksatlaryny we ýörelgelerini görkezýär. Bu nukdaýnazardan, resminama dürli görnüşlerinde öz içine alyjy gepleşikleriň BMG agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtaýar.
Mundan başga-da, neşir edilen resminama BMG-nyň global strategiýalaryny we maksatnamalaryny, hususan-da, Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyla çenli meýilnamany bilelikde durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belleýär

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.