Gyrgyzystanyň ilçisi Raşid Meredowa ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

11.01.2023, 13:474,706

10-njy ýanwarda Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Azizbek Madmarow Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada www.mfa.gov.tm saýty habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda R.Meredow Gyrgyzystanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine garaldy.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekdäki işine üns berildi. Mundan başga-da, elektrik energiýasy we ulag-logistika pudaklarynda, şeýle hem medeni ugurda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.