Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň täze bellenen ilçisini kabul etdi

11.01.2023, 20:424,546

Gyrgyzystanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azizbek Madmarow Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat duşuşmak hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döredilen mümkinçilige minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň salamyny ýetirdi.
Serdar Berdimuhamedow, öz gezeginde, ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.