Türkmenistanyň Prezidenti Gyzylarbat etrabynyň häkimini täzeledi

21.01.2023, 08:3633,961

Mämmet Guldurdyýewiç Baýramgulyýew Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permany bilen, Şöhrat Hudaýberdiýewiç Annamyradow Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk önümçiligi boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.