Jamahal Hill ýarym agyr agramda UFC-niň çempiony boldy

22.01.2023, 23:5916,303

Amerikaly Jamahal Hill ýarym agyr agramda Absolýut söweş çempionatynyň  (UFC) çempiony ugrundaky ýaryşda braziliýaly Glower Teýşeýrany ýeňdi. Ýaryşlar yekşenbe güni Braziliýada geçirildi.

Hill eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňiş gazandy.
31 ýaşly Hill ilkinji gezek ýarym agyr agramda UFC-niň çempiony boldy. Ozal bu agram kategoriýasynda guşagyň eýesi çehiýaly Irža Prohazka bolupdy, ol soň  şikes alyp, meýletinlik bilen bu tituldan ýüz öwrüpdi. 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda russiýaly pälwan Magomed Ankalaýew bilen polşaly pälwan Ýan Blahowiç ýarym agyr agramda UFC-niň  çempionlyk guşagyny almak ugrundaky ýaryşda duşuşdylar, olaryň göreşi deňme-deň tamamlandy we guşak eýesiz galdy. Indi Hilliň hasabynda garyşyk söweş sungatynda 12 ýeňiş bilen bir ýeňlişi bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.