Türkmenistanyň Prezidenti Garagum etrabynyň häkimini wezipesinden boşatdy

25.01.2023, 02:1322,154

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Ballyýew Bally Atamyradowiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany bilen, bu wezipä Merdan Orazmuhammedow bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.