2023-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda Azerbaýjan başlyklyk eder

25.01.2023, 08:426,353

Azerbaýjan 2023-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklygy kabul etdi. Bu barada guramanyň agza döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň netijeleri boýunça YHG-nyň baş sekretary Hysrow Noziri aýtdy.

2022-nji ýylda YHG-da Özbegistan başlyklyk etdi. Guramanyň baş sekretary Noziri «Azerbaýjanyň «ýaşyl geçiş we zara gatnaşyk» temasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly YHG-nyň gün tertibine täzeçe itergi berjekdigine» ynam bildirdi.
YHG — 1985-nji ýylda döredilen sebitleýin döwletara ykdysady guramasydyr. Onuň agzalary — Türkiýe, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Eýran, Pakistan we Owganystan.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.