Özbegistan «Petronasyň» türkmen «şahamçasyndan» nebit satyn almagy meýilleşdirýär

25.01.2023, 23:4114,285

«Uzbekneftegaz» paýdarlar jemgyýeti şu ýyl Buharanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatyny artdyrmak üçin Malaýziýanyň Petronas Çarigali kompaniýasynyň türkmen şahamçasyndan nebit satyn almagy meýilleşdirýär.

Bu barada  çarşenbe güni  holdingiň  metbugat gullugy  habar berdi diýip, Report ýazýar.
"Uzbekneftegazyň" ýolbaşçylary we Petronas Çarigali kompaniýasynyň Daşkentdäki wekiliýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Petronas Çarigali 1996-njy ýyldan bäri türkmen nebit-gaz bazarynda Hazar ýalpaklygyny özleşdirip gelýär.

"Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar 2023-nji ýylda Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna nebit ibermegiň meýilnamasyny bilelikde taýýarlamak barada ylalaşyk gazandylar" - diýip, "Uzbekneftegazyň" habarynda aýdylýar.

Hususan-da, Özbegistanda Buharanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatyny artdyrmak üçin Türkmenistandaky “Petronas Çarigaliniň” kärhanalaryndan çig nebiti import etmegiň mümkinçiligi barada gepleşildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.