Özbegistan Türkmenbaşy halkara portunyň üsti bilen Azerbaýjana ýük ugratdy

26.01.2023, 12:5521,378

Özbegistandan gelen 40-futlyk 100-den gowrak konteýner Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň üsti bilen Azerbaýjana üstaşyr ugradyldy. Ýükler «AZERMAŞ» JÇJ-i üçin awtoşaýlar bilen ýüklen  – diýip, ORIENT agentligi «Türkmendeňizderýaýollaryna» salgylanyp habar berýär.

Awtoulag gurluşygynda ulanylýan ätiýaçlyk şaýlary «UzAWTO MOTORS» PJ tarapyndan ugradylypdyr, portuň üsti bilen bolsa ýüküň daşalmagy «Türkmenistanyň ulag-logistki Merkezi» tarapyndan amala aşyryldy.
Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap «Balkan» gämisini Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça üstaşyr ýük daşamalaryny artdyrmak üçin konteýnerleriň eltilmeginiň fider daşamalaryny amala aşyrmak üçin goýdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.