UFC 287 ýaryşynda Gilbert Býorns Horhe Maswidal bilen duşuşar

30.01.2023, 13:2712,486

UFC-niň ýarym orta agramda çempion guşagynyň öňki dalaşgärleri Gilbert Býorns bilen Horhe Maswidalyň arasyndaky söweş UFC 287 turniriniň ikinji möhüm wakasy bolar. Bu söweş 8-nji aprelde Bruklinde geçiriler.

Söweşiň guraljakdygy barada guramanyň wekilleri resmi taýdan habar berdiler diýip, fightime.ru belleýär.
36 ýaşly Gilbert Býorns bir hepde ozal Rio-De-Žaneýroda geçirilen UFC 283 turnirinde Nil Megnini ýeňip, karýerasyny üstünlikli ýola getirdi. Ýatlap geçsek, geçen ýylyň aprel aýynda ol eminleriň biragyzdan karar bermegi bilen Hamzat Çimaýewden ýeňlipdi.
38 ýaşly Horhe Maswidal bassyr üç gezek ýeňlişe sezewar boldy, iki gezek Kamaru Usmandan çempion guşagyny almak synanyşygy şowsuz tamamlandy, şeýle-de biragyzdan kararyň netijesinde Kolbi Kowingtondan ýeňildi.
Häzirki wagtda Gilbert Býorns we Horhe Maswidal, degişlilikde, UFC-niň ýarym orta diwizionynyň reýtinginde bäşinji we on birinji orunlary eýeleýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.