Aziýanyň iň baý adamy kezzaplykda aýyplanyp, 65 milliard dollaryny ýitirdi

31.01.2023, 16:2432,323

Aziýanyň iň baý adamy Gautama Adaniniň Adani Group hindi konglomeraty eýýäm 65 milliard dollar ýitirdi. Kompaniýalar toparynyň paýnamalary pese gaçýar we gymmatly kagyzlardan dynan maýadarlary köşeşdirmek üçin edilen ähli synanyşyklar islenýän netijä getirmeýär. Bu barada Reuters ýazýar.

Pese gaçyşlyk geçen hepde Hindenburg Research şereketi  Adani  Group-y kezzaplykda aýyplandan soň başlandy. Hindenburg Research - bu  korporatiw jenaýatlary derňemek bilen meşgullanýan analitik şereket. Kompaniýanyň analitikleriniň iki ýyl bäri hindi konglomeratynyň onlarça ýyllap, olaryň öz sözlerini getirmek bilen aýtsaň,  “paýnamalary  galp  manipulirlemeklige we hasabatlarda kezzaplyk tilsimlerini ulanmaklyga” dahylly bolup gelendiklerini görkezýän subutnamalary ýygnandygyny şereketiň  wekilleri tassyklaýarlar.
Adani Group aýyplamalary ret edýär we derňewiň netijelerini toslama we tassyklanmadyk diýip atlandyrýar. Kazyýete berjekdigini aýdyp, haýbat atýar, ýöne Hindenburg Research beýanatyny yzyna almajakdyklaryny aýtdy.
Ula giden dawa Adaniniň özüne gymmat düşdi, ol baýlygynyň bäşden bir bölegini  - “Bloomberg” -iň habaryna görä, takmynan 26 milliard dollaryny ýitirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.