Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Portugaliýada hem diplomatik wezipesini ýerine ýetirer

03.02.2023, 12:4013,462

Türkmenistanyň ilçihanasy Pariž şäherinde ýerleşýän Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Esenowiç Çaryýew şol bir wagtda, Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.

Degişli Permana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2-nji fewralda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.