Samsung Galaxy S23 2028-nji ýyla çenli täzelenmeleri alar

04.02.2023, 16:0612,460

Samsung Galaxy S23-i OC Android 13 we öňünden gurnalan One UI 5.1 interfeýs bilen ilkinji gezek çykardylar. Soňra kompaniýanyň beýleki telefonlary bu interfeýsi alarlar, ýöne Galaxy S23-iň özi uzak wagtlap täzelener.

Kompaniýa dört sany täzelenmäni kepillendirýär - bu Galaxy S23 hatarynyň islendik modeliniň Android 17-ni aljakdygyny aňladýar. Emma şondan soň hem goldaw bes edilmez - Samsung Galaxy S23 üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykarar. Ilkibada aýda, soň her üç aýdan çykarar. Galaxy S23 üçin programma üpjünçiligi diňe 2028-nji ýylda bes ediler.
Samsung-yň programma üpjünçiliginiň uzaklygyny beýleki Android-smartfon öndürijileri bilen deňeşdirip bolmaýar. Hatda Google hem häzirki flagmanlary Pixel 7 we Pixel 7 Pro üçin diňe üç sany uly Android täzelenmesini kepillendirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.