Türkmenistan Türkiýä halas edijileri we ynsanperwer ýük ugratdy

07.02.2023, 18:3372,205

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça Türkmenistandan Türkiýe Respublikasyna türkmen halkyndan türk halkyna kömek hökmünde ynsanperwer ýük ugradyldy. Dokma önümlerinden hem-de derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden ybarat ynsanperwer ýüki, şeýle hem  degişli lukmanlar we şepagat doganlary  Türkiýe Respublikasynda ýakynda bolup geçen ýer tiremesiniň ýetiren ýaramaz täsirlerinden taplanmaga kömek bermäge ýardam eder. Ýük uçarynyň uçurylyş pursatyny Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral Twitter sahypasynda paýlaşdy.

Diplomatyň habar bermegine görä, uçary Türkmenistanyň wise-premýeri Nurmuhammet Amannepesow ugratdy.
Duşenbe güni, 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda 7 baldan ýokary bolan iki sany güýçli ýer titreme bolup geçdi.
Tebigy betbagtçylyk netijesinde gurban bolanlaryň sany 3,3 müň adamdan geçdi.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurtda ýedi günlük umumymilli matam yglan etdi. Türkiýäniň çäginde baýdaklar aşak düşürildi. Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynda hem Türkiýäniň baýdagy aşak düşürildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.