Saud Arabystany Aziýa, Ýewropa we ABŞ bazarlary üçin nebit bahalaryny ýokarlandyrdy

07.02.2023, 19:3014,895

Iň uly nebit eksport edijisi bolan Saud Arabystany Aziýa, şeýle-de Ýewropadaky we ABŞ-daky sarp edijiler üçin nebitiň mart aýyndaky bahalaryny ýokarlandyrdy. Bu barada Bloomberg agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, mart aýy üçin Arab Light nebitiniň barreliniň ahyrky bahasy Oman-Dubai bençmarkynyň bahasyndan 2$ ýokary derejä çenli gymmatlady. Bu bolsa fewral aýyndaky bahadan 20 sent ýokarydyr.
Bu bellenilen nebit görnüşi üçin geçen ýylyň sentýabr aýyndan bäri bahanyň ilkinji gezek gymmatlamasydyr. Ol Bloomberg agentligi tarapyndan söwdagärler we nebiti gaýtadan işleýjiler bilen geçirilen pikir soraşma ters gelýär. Ol bahanyň 20 sent arzanlajakdygyny çaklapdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.