Samsung Galaxу S23 batareýsiz, göni rozetkadan hem işläp bilýär

10.02.2023, 19:4227,154

Samsung Galaxy S23 seriýasynda batareýany ulanmazdan, smartfonyňyzy göni elektrik üpjünçiliginden işletmäge mümkinçilik berýän Pause USB Power Delivery funksiýasy bar. NL Tech kanalynyň awtorlary muňa ünsi çekdiler. Bu funksiýa smartfon uzak wagtlap, meselem, oýun wagtynda ulanylanda peýdaly bolar. Telefon batareýa arkaly işledilende, sarp ediş 17 Wt bolýar, emma Pause USB Power Delivery açyk bolsa welin, bary-ýogy 6 Wt bolýar.

Mundan başga-da, smartfon bu režimde aşa gyzanok we batareýa artyk agram düşmeýär, şeýlelik bilen onuň hyzmat ediş möhleti uzalýar. USB Power Delivery batareýa 20% -den gowrak zarýad alanda işleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.