2023-nji ýylda Türkmenistanda 2 müň 300 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär

10.02.2023, 21:5610,472

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «2023-nji ýylda pile öndürmek hakyndaky» karara gol çekdi. Degişli resminama döwlet Baştutany 10-njy fewralda giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýurdumyz boýunça jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar.