Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň başlygy çalyşdy

12.02.2023, 01:0532,942

Begenç Seýdillaýewiç Atagulyýew Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran 2-nji kararyny tassyklady.  
Şeýle hem «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň çykaran 1-nji kararyna laýyklykda, Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikow başga işe geçmegi sebäpli, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.