Mahaçew ýylyň iň gowy sabmişni üçin UFC-niň baýragyna eýe boldy

12.02.2023, 13:4828,307

Russiýaly söweşiji Islam Mahaçew 2022-nji ýylyň iň gowy sabmişni (demikdiriji ýa-da agyryly usul bilen wagtyndan irki ýeňiş) üçin UFC-den baýraga eýe boldy. Bu barada sportrbc.ru habar berýär.

Bu baýrak ýeňil agramda UFC-niň çempiony tituly ugrundaky söweşde braziliýaly Çarlz Oliweýradan wagtyndan ir üstün çykandygy üçin berildi.

“Haçan-da men ony tutup, tutgyny ýapanymda, ol häzir ýeňlendigini boýun alar diýip pikir etdim. Men dünýädäki iň howply ýigitden üstün çykýaryn. Men öz başarnyklarymy bilýärin, şonuň üçin ähli HBS-e, ähli adamlara ony demikdirjegimi aýtdym. Men bu baýraga mynasypdygymy bilýärin, minnetdar” – diýip, Mahaçew aýtdy.

Mahaçewe bu baýrak Awstraliýanyň Pert şäherinde geçiriljek UFC 284 turniriniň öňüsyrasynda berildi. Bu turniriň esasy söweşinde Mahaçew ýarym ýeňil agramda UFC-niň çempiony, awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski bilen duşuşar. Ortada russiýalynyň tituly bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.