Türkmenistan Türkiýä ýene-de bir ynsanperwer ýüki iberildi

17.02.2023, 01:4842,444

Türkmenistan Türkiýe Respublikasyna nobatdaky ynsanperwer ýüki iberdi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral Twitter hasaby arkaly habar berdi.

Bu gezek Türkiýä 10 sany generator we 1500 ýyly ýorgan iberildi. Bu ynsnaperwer ýüki Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýola goýan haýyr-sahawat işiniň netijesinde jemlendi. Bu ýük «Türkhowaýollary» awiakompaniýasy arkaly Türkiýä iberildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynda bolup geçen güýçli ýertitreme giň möçberli weýrançylyklara getiripdi. Doganlyk Türkiýe Respublikasyna ilkinjileriň hatarynda kömek goluny uzadan Türkmenistandan eýýäm birnäçe ynsanperwer kömekleri ugradyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.