Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda haýsy desgalar gurlar?

19.02.2023, 00:5535,928

18-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow  Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary hem-de gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda şu desgalary gurmak meýilleşdirilýär:

  • Her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si;
  • 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy;
  • Saglyk öýi;
  • Ýangyna garşy göreş gullugynyň edara binasy;
  • Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binalary;
  • Muzeý;
  • Saglyk seýilgähi;
  • Söwda we hyzmat ediş toplumy;
  • Her biri 30 öýli bäş gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 40 öýli bäş gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 42 öýli ýedi gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-si, her biri 54 öýli dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 14-si;
  • Arkadag şäheriniň demir ýol menzili;
  • şäheriň awtotoplumy we bellige alyş bölümi;
  • Ahal welaýatynyň awtomenzili.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.