Gündäki şöhlelenmeden soň, 20-nji fewralda Ýeri magnit tupany örtüp biler

19.02.2023, 20:4836,894

17-nji fewralda Günde bolup geçen  güýçli şöhlelenmeden soň, 20-nji fewralda, duşenbe güni Ýeri magnit tupany gurşar.

Alymlar  şöhlelenmä X klasly — iň ýokary diýip baha berdiler.
Russiýanyň Amaly geofizika institutynda (IPG) radioşöhlelenmäniň çabyramagy  we koronal massanyň zyňylmagy bilen utgaşýan şöhlelenmäni bellige aldylar. Ol 72 minut dowam etdi.
Ýanwar aýynda alymlaryň şeýle klasly birnäçe şöhlelenmäni eýýäm synlandyklaryny bellemelidiris, şeýle-de bolsa olar Ýeriň ýüzünde güýçli magnit tupanlarynyň döremegine sebäp bolmandyr.
Magnit tupanlary - bu  Günüň gazaply ýel akymlarynyň Ýeriň töweregine gelmegi we olaryň saýýarymyzyň magnitosferasy bilen täsirleşmesi sebäpli ýüze çykýan geomagnit meýdanynyň bozulmalarydyr. Bu hadysalar kosmos gämileriniň döwülmegine, elektronikanyň Ýerdäki işine täsir edip biler. Adamyň saglygyna we özüni duýşuna edýän täsiri barada aýdylanda bolsa, dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde bu meselede umumy pikir ýok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.