Türkmenistan Owganystan bilen demir ýol ýük daşamalaryny artdyrmagy ylalaşdy

20.02.2023, 21:5913,382

Türkmenistan bilen Owganystan Serhetabat — Turgundy demir ýol ugry boýunça ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak barada ylalaşdylar. Bu barada TASS agentligi habar berýär.

«Türkmendemirýollary» agentliginiň wekiliýetiniň Owganystanyň Demir ýollary müdirliginiň Hyrat şahamçasynyň wekilleri bilen bolan duşuşygynyň dowamynda Turgundy guryýer portunyň dolandyrylyşyny gowulandyrmak maksady bilen, täjirçilik ýüklerini Owganystandan howpsuz daşamak barada ylalaşyk gazanyldy.
Häzirki wagtda Owganystana getirilýän importyň köp bölegi Özbegistanyň çäginden ýeke-täk demir ýol arkaly amala aşyrylýar.
Türkmen Serhetabady bilen Owganystanyň serhetdäki Turgundy şäheriniň arasyndaky demir ýol 1982-nji ýylda gurlupdy. Onuň uzynlygy 5,5 km-e barabar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.