Gurbanguly Berdimuhamedow Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al-Tani bilen duşuşdy

20.02.2023, 22:3712,356

Şu gün, 20-nji fewralda Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al-Tani ýurdumyza sapar bilen geldi. Saparynyň çäklerinde myhmany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kabul etdi.

Aşgabatda Maslahat köşgünde geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylda Katarda futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen gutlady.
Duşuşygyň dowamynda energetika, ulag we kommunikasiýa,  senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi bellenildi. Aýratyn-da, maýa goýum ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. 
Ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň geljegi has uly  ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Ýatlatsak, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dünýä çempionaty geçirilýän döwründe Doha şäherine sapar bilen baryp, oýunlaryň birine baryp gördi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.