Türkmenistanda welaýatlar boýunça 2023-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy

25.02.2023, 11:4620,469

rkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow welaýatlar boýunça 2023-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklandy. Degişli Karara döwlet Baştutany 24-nji fewralda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň häkimlikleri oba hojalyk ekinleriniň ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly oba hojalyk ekinleriniň bol hasylynyň öndürilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.