Serdar Berdimuhamedow Malta Respublikasynyň Prezidentini gutlady

25.02.2023, 12:014,653

Türkmenistan bilen Malta Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl boldy. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Malta Respublikasynyň Prezidenti Jorj Wella we ýurduň ähli halkyna mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Jorj Wella tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Malta Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de gülläp ösmegi arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.