Türkmenistan we Gyrgyzystan iki ýurduň ýük daşaýjylary üçin artykmaçlyklary girizmek meselesine garadylar

04.03.2023, 09:2523,348

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň, gyrgyz DIM-niň we Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri iki ýurduň ýük daşaýjylary üçin artykmaçlyklary döretmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar üstaşyr ýük daşamalary ulgamynda we ýük awtoulaglarynyň sürüjileri üçin wiza düzgünini kadalaşdyrmakda  gyzyklanmalaryny beýan etdiler, diýip, türkmen migrasiýa gullugynyň saýtynda bellenilýär.
Türkmen-gyrgyz iş maslahatynyň barşynda, wekiller ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerine ünsi çekdiler we mundan beýläk-de şeýle gepleşikleri guramagyň zerurdygyny  bellediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.