Serdar Berdimuhamedow azyk harytlarynyň nyrhlarynyň esassyz ýokarlandyrylmagyna ýol berilmezligini tabşyrdy

04.03.2023, 12:5772,635

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu möwsümde gök önümleriň, beýleki azyk harytlarynyň nyrhlarynyň esassyz ýokarlandyrylmagyna ýol berilmezliginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýer B.Atdaýewe azyk harytlary bilen yzygiderli üpjünçiligi gazanmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Bu barada döwlet Baştutany 3-nji martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda belledi. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleri hem-de halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjünçiligi durnukly ýagdaýda saklamagyň zerurlygyny aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.