Türkmenistanyň birža söwdalary: 4million 729 müň dollarlyk 14 geleşik

07.03.2023, 10:562,960

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 4 million 729 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri buýan köküni satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 4 million 680 müň manat bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.