Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 1 milliard dollara golaýlady — Özbegistanyň wise-premýeri

07.03.2023, 11:458,386

Soňky wagtlarda Özbegistan bilen Türkmenistanyň özara haryt dolanyşygy 4 esse artdy. Geçen ýylyň netijeleri boýunça onuň möçberi bir milliard dollara golaýlady.

«Bu diýseň oňat netije, emma ol biziň ähli mümkinçiliklerimizi açyp görkezmeýär» — diýip, Özbegistanyň wise-premýeri Jamşid Hojaýew duşenbe güni Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň 17-nji mejlisinde belled. Bu barada ORIENT ýetirýär.

Onuň bellemegine görä, umumy tagallalar bilen eýýäm ýakyn wagtda özara söwdanyň birnäçe esse artmagyny gazanyp bolar. Hususan-da, özbek wise-premýeri Özbegistanyň Türkmenistandan dokma, aýna, himiýa önümleriniň, dökünleriň, energiýa serişdeleriniň we beýlekileriň importyna gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.
Bilelikdäki hökümetara toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.