Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk bilen tanyşdy

12.03.2023, 10:1616,207

11-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy.

Saparynyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, täze binalaryň açylyş dabarasyna, köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.
Arkadag şäherindäki durmuş we beýleki maksatly binalaryň  töwereginde, ýol ýakalarynda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine zerur üns berilmelidir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtdy. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ähli edara-kärhanalarynyň, durmuş ulgamyna degişli binalaryň howlularynda we olaryň ýanaşyk ýerlerinde bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bag nahallaryny oturtmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitledi we degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.