Merab Dwalişwili UFC Fight Nights ýaryşynda Pýotr Ýandan üstün çykdy

14.03.2023, 10:0112,505
1 / 2

Garyşyk başa-baş söweşiň russiýaly pälwany Pýotr Ýan UFC-niň Fight Night 221 turniriniň esasy tutluşygynda Gruziýanyň wekili Merab Dwalişwiliden ýeňildi. Söweş bäş raund dowam etdi we eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda Dwalişwiliniň ýeňşi bilen tamamlandy.

Şeýlelikde, Ýan yzly-yzyna üçünji gezek ýeňildi.
Pýotr Ýan karýerasynda birinji gezek eminleriň biragyzdan gelen karary esasynda ýeňlişe sezewar boldy. Bu söweşden öň Ýan eminleriň aýry-aýry karary bilen üç gezek ýeňildi, ýene bir gezek -  gadagan edilen urgyny ulanmak bilen ýeňildi.
Umuman alanyňda, russiýaly pälwan garyşyk başa-baş söweşde 16 ýeňiş  gazandy we bäş gezek ýeňildi. Dwalişwili hem öz gezeginde MMA-da 15-nji ýeňşini gazandy. Şeýle hem dört ýeňlişe sezewar boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.