Türkmenistan Gruziýa bilen gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirýär

18.03.2023, 12:264,273

16-17-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen türkmen-gruzin geňeşmelerinde hereket edýän we öz güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara ylalaşyklaryň we şertnamalaryň, şeýle hem iki ýurduň garamagyndaky resminamalaryň taslamalarynyň sanawyna seredildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Diplomatlar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerini kesgitlediler we onuň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegi boýunça gepleşikleri ulgamlaýyn esasda dowam etdirmegi ylalaşdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.