Getji UFC 286 turnirinde Fiziýewden üstün çykdy

19.03.2023, 15:2021,733

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) azerbaýjanly söweşijisi Rafael Fiziýew Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) Londonda geçirilen 286-njy belgili turnirinde amerikaly Jastin Getjiden ýeňildi. 

Agşamyň ikinji möhüm söweşi üç raund dowam edip, eminleriň aglabasynyň çözgüdi bilen amerikalynyň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
Getjiniň hasabynda indi 24 ýeňiş bilen dört ýeňliş bar. Fiziýewiň hasabynda bolsa 14 professional söweşde 12 ýeňiş bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.