Türkmenistanyň Mejlisi Arkadag şäherindäki binalara görnükli şahsyýetleriň adyny dakdy

20.03.2023, 12:4246,880

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna görnükli şahslaryň ady dakyldy. Olar şu aşakdakylar:

  • Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi» diýip atlandyrylar.
  • Merkezi seýilgähdäki belent sungat binasy «Arkadag Binasy» diýip atlandyrylar.
  • Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýip atlandyrylar.
  • Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi «Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrylar.
  • Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi «Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrylar.
  • Atçylyk sirki «Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki» diýip atlandyrylar.
  • Arkadag şäher kitaphanasy «Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy» diýip atlandyrylar.
  • Drama teatry «Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry» diýip atlandyrylar.
  • Ýörite sungat mekdebi «Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi» diýip atlandyrylar.
  • Çagalar sungat mekdebi «Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi» diýip atlandyrylar.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.