Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary öňünden ses beren saýlawçylar barada maglumat berdi

22.03.2023, 23:5817,379

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek 2023-nji ýylyň 16-njy martyndan başlandy we her gün sagat 08:00-dan 18:00-a çenli geçirilýär.

2023-nji ýylyň 21-nji marty ýagdaýyna görä, Türkmenistan boýunça hasaba alnan umumy saýlawçylaryň 1,82 göterimi öňünden ses bermäge gatnaşdy.
Saýlawlar gününe çenli öňünden ses bermek 25-nji martda sagat 18:00-da tamamlanar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.