Serdar Berdimuhamedow saýlawlaryň guramaçylygy boýunça ýolbaşçylara görkezmeleri berdi

24.03.2023, 22:1613,492

Şu gün, 24-nji martda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen bagly meselä garap, Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Mälim bolşy ýaly, geljek ýekşenbe güni, ýagny 26-njy martda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň  agzalarynyň saýlawlary geçiriler.
Saýlawlary guramaçylykly geçirmek  maksady bilen, döwlet Baştutany wise-premýerlere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, Aşgabat şäheriniň we welaýat häkimlerine, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygyna degişli tabşyryklary berdi.
Ýekşenbe güni ir sagat 7-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda saýlaw uçastoklarynyň 2644-si açylar.
26-njy martda saýlawçylaryň ses bermäge gatnaşygy barada teleýaýlymlarda, internetde maglumat berlip durlar.  Şeýle hem ses bermegiň barşy sanly ulgam arkaly, Merkezi saýlaw toparynyň  saýtynda onlaýn tertibinde ir sagat 7-den agşam sagat 19-a çenli göni görkeziler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.