Serdar Berdimuhamedow Gresiýanyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

25.03.2023, 07:274,390

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula hem-de ýurduň halkyna Gresiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Katerina Sakellaropula tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Gresiýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.