Samsung «Z» görnüşli smartfon çykarar

27.03.2023, 15:4214,719

Samsung kompaniýasy täze eplenýän smartfon çykarmagy meýilleşdirýär. Android Authority neşiri bu barada habar berýär diýip,  lenta.ru ýazýar.

Žurnalistler koreý korporasiýasynyň 2023-nji ýylda şeýle enjamy hödürlemegi göz öňünde tutýandygyny meşhur insaýder Ýogeş Braranyň sözlerine salgylanyp habar berdiler. Enjamda iki şarnir bilen birleşdirilen üç ekrandan ybarat bolar.
Enjamyň eplenen görnüşde-de, ýazylan görnüşde-de ulanylmagyna garaşylýar. Hünärmeniň pikiriçe, Z-şekil displeýiň diagonalyny ykjamdan görnüşden has uly görnüşe üýtgetmäge mümkinçilik berer.

Žurnalistler Samsung-yň 2020-nji ýylda şuňa meňzeş eplenýän displeýe patent alandygyny ýatladylar. Mundan ozalam, eplenýän smartfonlar boýunça bazaryň öňdelikçisi bolan IT ägirdi dürli sergilerde iki şarnirli enjam konseptini görkezipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.