Samsung 6000mAs akkumulýatorly we 108Mp kameraly Galaxy M54 çykardy

28.03.2023, 15:3814,552

Samsung elýeter bahaly smartfonlarynyň hataryny ýuwaş-ýuwaşdan giňeltmegini dowam etdirýär — olaryň hataryna Galaxy M54 goşuldy. Smartfon Gorilla Glass 5 bilen goralýan 120 Hz-da 6,7 ​​dýuýmlyk AMOLED displeý aldy.

Bu ýerde üç kamera bar: ini 108 Mp, ultra giňligi 8 Mp, 32 Mp öň kamerasy.
Smartfon 25 Wt-lyk çalt zarýad bermek üçin 6000 mAs akkumulýator aldy. Elektrik üpjünçilik blogy topluma goşulmaýar.
Galaxy M54 Exynos 1380-de işleýär. Iki görnüşi bar: 8/128 we 8/256 GB. MicroSD-a ýeri bar.
Häzirlikçe smartfon diňe Ýakyn Gündogarda hödürlendi. Bahalar heniz mälim däl.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.