Serdar Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidentini we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyny gutlady

01.04.2023, 13:0015,902

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti wezipesine bellenilmegi mynasybetli gutlady.

“Biz Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleri bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz dürli ugurlar boýunça ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýokary derejede amala aşyrylýan özara saparlar hem-de olaryň çäklerinde geçirilýän gepleşikler hyzmatdaşlygymyzy has-da işjeňleşdirmäge itergi berýär” diýip, Serdar Berdimuhamedow hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Şeýh Haled bin Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy hökmünde bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar” diýip, Serdar Berdimuhamedow öz hatynda belledi we bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.