Aşgabatdan Hazara täze awtobus gatnawy ýola goýuldy

01.04.2023, 13:2223,757

1-nji aprelden «Aşgabadyň Halkara awtomenzili — Hazar» ugry boýunça täze awtobus gatnawy ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berildi.

Awtobuslar her gün 08:00-da Aşgabadyň Halkara awtomenzilinden, 10:00-da bolsa Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesinden ugrar.
Bir tarapynyň bahasy uly ýaşlylar üçin — 60 manat, çagalar üçin — 30 manat. Gatnaw dowamlylygy 10 sagat.
Awtobuslar üçin biletleri onlaýn görnüşde  Awtomobil Ulag Hyzmaty AGPJ-nyň saýtyndan satyn alyp bilersiňiz.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.