Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty 6-njy aprelde geçiriler

02.04.2023, 17:055,060

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty 6-njy aprelde Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçiriler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda belledi.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň 6-njy çagyrylyşynyň deputatlarynyň kanun çykaryjylyk işine ýokary baha berip, olara minnetdarlyk sözlerini beýan etdi hem-de milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirjekdigini belledi. Döwlet Baştutany ses bermäge gatnaşan ähli raýatlarymyza minnetdarlyk bildirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.