Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ilatynyň ýaşaýyş jaý üpjünçilik meseleleri barada aýtdy

02.04.2023, 23:4173,446

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda şäher ilatynyň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçilik meseleleri barada aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýlaryna bolan hukugyny üpjün etmek maksady bilen, bu ýerde ýaşaýyş jaýlary gulluk maksatly berler. Olarda 10 ýylyň dowamynda ýaşan maşgalalar jaýlary öz adyna geçirip, hususylaşdyryp bilerler ýa-da töleg geçirip, hereket edýän kada esasynda jaý eýeleri bolarlar. Şeýle hem gulluk maksatly ýaşaýyş jaýlary degişli ugurlar boýunça hünärmenleriň maşgalalaryna berlip, olar işlän döwründe şol jaýda ýaşarlar. Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara bar bolan meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.