Global ekologiýa gaznasy Türkmenistanda durmuşa geçirilen taslamalary 7,5 mln dollar diýip bahalandyrdy

03.04.2023, 14:1519,815

2018-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli Türkmenistanda Global ekologiýa gaznasynyň (GEF) goldawy bilen amala aşyrylan milli taslamalaryň umumy bahasy 7,5 million amerikan dollaryndan gowrak boldy diýip,  GEF-de  Trend agentligine habar berdiler .

Hasabat döwründe gaznanyň dört ýyllyk GEF-7 maýa goýum aýlawyna laýyklykda taslamalary durmuşa geçirendigi bellendi.

"GEF ýurtlaryň biodürlüligi gorap saklamak, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreş bilen baglanyşykly işlerini goldamak üçin her sikl üçin Gorlaryň aç-açan  paýlanyş ulgamyny ulanýar. GEF-8 maýa goýum sikli 2022-nji ýylda başlandy we 2026-njy ýyla çenli dowam eder" - diýip, Gaznada aýtdylar.

GEF-8 maýa goýum sikliniň çäginde gaznanyň Türkmenistana 9,4 million amerikan dollaryndan gowrak serişde bölüp berendigini GEF sözüniň üstüne goşdy.

"Umuman alanyňda, GEF dünýäniň şu konwensiýalaryň iň bolmanda birini tassyklan183 ýurdunda işleýär: Biologiki dürlülik baradaky konwensiýa, BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasy, Hemişelik organiki hapalaýjylar baradaky  Stokgolm konwensiýasy, BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş konwensiýasy we Simap baradaky Minamata konwensiýasy "- diýip, Gaznada aýtdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.