20-nji aprelde Ysraýylyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Aşgabada sapary meýilleşdirilýär

03.04.2023, 17:047,231

Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koeniň Aşgabat şäherine sapary 20-nji aprelde meýilleşdirilýär. Bu barada Ierusalimiň  The Times of Israel  onlaýn-gazetiniň ýekşenbe güni agşam beren habarynda aýdylýar.

Geçen hepde Azerbaýjan Ysraýylda öz ilçihanasyny açandan soň, Daşary işler ministri Eli Koen tiz wagtdan Bakuwa ugrar. Ol 18-nji aprelde uçmaly we ertesi gün Prezident Ilham Aliýew we Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen duşuşar diýlip garaşylýar.
Şeýle-de, Ysraýylyň Daşary işler ministrligi 20-nji aprelde Koeniň Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherine Ysraýylyň ilçihanasyny açmak üçin uçmak mümkinçiligini öwrenýär diýip, The Times of Israel-iň habarynda aýdylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.